Awstraliýa Aziýanyň kubogynyň ilkinji oýnunda Kuweýtden uly hasap bilen üstün çykdy

23:3109.01.2015
0
4441

9-njy ýanwar. "ААМИ Park" stadiony. 

Ilkinji oýunda Awstraliýanyň ýygyndysy öz derwezesine birinji bolup pökgi goýberse-de, soňlugy bilen ýeňiş gazanmagy başardy.

Awstraliýa – Kuweýt – 4:1 (2:1)

Gollar:  Şehab 8’ – 0:1, Kehill 33’ – 1:1, Luongo 44’ – 2:1, Edinak 62’ (penalti) – 3:1, Troizi 90' – 4:1

Şu ýyl 16-njy gezek geçirilýän Aziýanyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşyny kabul etmek Awstraliýa ynanyldy. Bu bolsa olary ýeňiji bolmaga esasy dalaşgärleriň birine öwürdi. 4 ýyl mundan ozal Katarda geçirilen Aziýanyň kubogynda awstraliýalylar çykyşlaryny finala çenli dowam edip, goşmaça wagtda Ýaponiýadan utulypdylar. Şonuň üçin bu gezek olar çempion bolmagy maksat edinýärler. Muny Awstraliýanyň oýunçylaram, baş tälimçisi Ange Postekoglu hem tassyklaýar. Ýygyndynyň tälimçisi öz toparynyň dünýä çempionatynda örän güýçli toparçada Gollandiýa, Çili, Ispaniýa bilen oýnap, ýaryşy dowam etdirip bilmändigini ýatlaýar. Şol şowsuzlygyň “Aziýanyň kubogy-2015” ýarşynda şowly çykyş etmeklerine täsirini ýetirjekdigini aýdýar.

Awstraliýa ýaryşa ýeňiş bilen başlady. Olar indi ruhubelentlik bilen ikinji tapgyra taýýarlanýarlar.


 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň