Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda “mawy ýangyjyň” 48 milliard kub metrini daşary ýurtlara ibermek göz öňünde tutulýar

20:4209.01.2015
0
2958

Aşgabat, 9-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň 83,8 milliard kub metrden az bolmadyk möçberde çykarylmagyny gazanmaly, şol mukdardaky tebigy gazyň 48 milliard kub metrini daşary ýurtlara ibermegi göz öňünde tutmaly diýip belledi.

Şu ýyl nebitiň çykarylyşyny 11 million 110 müň tonna ýetirmeli. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu ugurda gazanylan ösüş depgini 102,9 göterimden ýokary bolmalydyr. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmek arkaly nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegi dowam etmeli, netijede, nebit çig malyny düýpli gaýtadan işläp, taýýar önüm almak, önüm öndürmäge täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bu pudagy yzygiderli ösdürmeli diýip belläp, suwuklandyrylan gazyň öndürilişini we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gazgeçirijisini gurmak boýunça örän möhüm ähmiýeti bolan strategik taslamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginininiň has-da güýçlendirilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu meselä degişli gürrüňi dowam edip, häzirki döwürde ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýandygyny, Ahal welaýatynda gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän kärhananyň gurulýandygyny belledi. «Gündogar–Günbatar» gazgeçirijisini we nebitgaz toplumyna degişli beýleki desgalary gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny berkitmäge we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga oňyn şertleri döreder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň