Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmentelekom” EAK-yň kolokasiýa hyzmatynyň nyrhlary arzanlady

19:1530.10.2021
0
26685

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy şu ýylyň 1-nji noýabryndan döwlete degişli edara-kärhanalar, hususy telekeçiler, daşary ýurt maýa goýujylary bolmadyk döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplar (hojalyk jemgyýetleri, hususy kärhanalar we başgalar) üçin kolokasiýa hyzmatynyň täze nyhnamalaryny hödürleýär.

Müşderilere hödürlenýän kolokasiýa hyzmatynyň görkezijileri şu aşakdakylardan ybarat:

— Uzak aralykda SSH arkaly girmegiň rugsady;
— 1 enjama bölüniň berlen 1 IP adres;
— Tizligi 10 Mbit/sek, daşky kanal, göwrümi çäklendirilmedik internet;
— Iýmitlendirme 1 sany 500 Wt iýmitlendiriji

Kolokasiýa — prowaýderiň müşderiniň enjamlaryny öz zolagyna ýerleşdirmeginden, ony elektrik toguna birikdirmeginden, şeýle-de ýokary geçirijilik mümkinçiligi bolan kanallara birikmegini we onuň gözegçiligini üpjün edýän özboluşly hyzmatdyr.

Munuň esasynda, indiden beýläk jaýdar ýer gözlemek, onuň howalandyrylmagyna gözegçilik etmek hem-de elektrik togunyň öçmegi barada alada etmek gerek bolmaz. “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy siziň serwerleriňize we telekommunikasion gurnamalaryňyza gözegçilik etmek işleriniň ählisini öz üstüne alýar. Kompaniýanyň internet saýtynda eýýäm gurnama işleriniň bahalary bilen tanyşmak üçin ýörite onlaýn hasaplaýyş ýerleşdirilendir.

Täze nyrhlar barada has giňişleýin maglumat bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň