Soňky habarlar

Arhiw

TDIM-niň HGI-i makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär

14:4930.10.2021
0
2042

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, magistrleriň, ýaşy 30-dan uly bolmadyk mugallymlaryň, aspirantlaryň, ylmy işgärleriň arasynda «Baýram han Türkmen — görnükli şahyr, döwlet işgäri we diplomat» atly türkmen, rus, iňlis dillerinde makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň esasy maksady: Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly hakynda bilimleri we düşünjeleri artdyrmakdan; Halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekden; Türki dilli halklaryň meňzeşligini, dinini, dilini, öňki nesilleriň toplan özboluşly medeni we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galan şöhratly we baý mazmunly geçmişini, şeýle hem dünýäniň dürli sebitlerinde ýaşaýan türki dilli halklaryň umumy etniki, ruhy we taryhy kökleri bilen birleşendigini hem-de gatnaşyklarynyň medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýändigini öwrenmekden; Ylmyň köp ugurlaryndan baş çykaran, adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran hakyky türkmen diplomaty barada halkara gatnaşyklary ulgamynda bilim alýan her bir ýaşlaryň diňe bir türkmen alymlarynyň däl, eýsem daşary ýurtly bilermenleriň näderejede ýokary baha bermeklerine mynasyp bolandyklaryny içgin öwrenmekden, olaryň asyl dilde ýazylan çeşmelerini gözläp tapmakdan, öwrenmekden, nusga edinmekden, öz hünärleriniň hakyky eýesi bolmaklyga bolan ymtylyşy, içki güýji kemala getirmekden; Geljekde ýurduň abraýyny gorajak, ata-babalarymyzdan bize miras galan ajaýyp ýol-ýörelgelerimize ygrarly bolup, halkyň abraýyna abraý goşjak ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan;

Dürli dillerde: türk, pars, hindi, urdu dillerinde ýazan görnükli eserleri bilen, ägirt uly imperiýanyň düzüminde ýaşan halklaryň özara gatnaşygyny berkitmek hem ebedileşdirmek, medeniýetleri ýakynlaşdyrmak ugrunda dostluk köprüsiniň ilkinji ädimlerini äden şahsyýetiň öňüni alyş diplomatiýasynda ulanan nusgalyk usullaryny wagyz etmekden ybaratdyr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ylmy makalalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji fewralyna çenli hgi.hgddek.@online.tm elektron salga ibermelidirler. Bäsleşige gatnaşyjylar özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan makalalary ozal hiç ýerde çap edilmedik bolmaly.

Makalalar 5-10 sahypa aralygynda, Times new roman, 1,5 interwalda, 14-lik şriftde ýazylan bolmaly.

Bäsleşige hödürlenýän ylmy makalalar iki ugur boýunça ýazylmaly. Birinji ugur — Baýram han Türkmen — görnükli şahyr, filosof. Ikinji ugur bolsa — Baýram han Türkmen — döwlet işgäri we diplomat.

Bäsleşigiň geçişi baradaky maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler. Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenen emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda kesgitlenýär. Her ugur boýunça 3 sany baýrakly orun kesgitlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanar. Ýeňijileriň ylmy makalalary «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynda çap etmeklik üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürlener. Bäsleşige hödürlenen makalalar bolsa HGI-niň web-saýtynda (iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.

«Baýram han Türkmen — görnükli şahyr, döwlet işgäri we diplomat» atly bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda geçiriljek dabarada sylaglanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň