Soňky habarlar

Arhiw

Kanadanyň “Meta” kompaniýasy “Faceboogyň” adyny üýtgetmeginden utuş gazandy

13:1130.10.2021
0
4207

Maýa goýumçylar Facebook amerikan kompaniýasynyň adyny üýtgetýändigi baradaky myş-myşlardan soň ýalňyşlyk bilen “Meta” atly kanada kompaniýasyna maýa goýdular. Bu barada CNBC ýazýar.

Golaýda metaälemiň (wirtual giňişlik) döredilmegine bagyşlanan Oculus Connect 2021 taslamasy bilen resmi tanyşdyrylyş dabarasynda Facebook kompaniýasynyň başlygy Mark Sukerberg kompaniýanyň adynyň üýtgediljekdigini, ýagny mundan beýläk “Meta” diýlip atlandyryljakdygyny habar berdi.

Munuň yzysüre Kanadanyň ýokary tehnologik materiallary öndüriji adybir kompaniýasynyň paýnamalary dessine 25 göterime çenli gymmatlap, umumy maliýe bahalandyrylmasy 1,5 milliard dollara ýetdi.

Kanadanyň kompaniýanyň başlygy Jorj Palikaras emele gelen ýagdaý bilen bagly Twitterdäki akkauntynda şatlygyny gizläp bilmedi we “Meta älemine hoş geldiňiz!” diýip ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň