Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2014-nji ýyldaky sosial-ykdysady ösüşine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi

16:2709.01.2015
1
2892

Aşgabat, 9-njy ýanwar. «Türkmenportal».  

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň 2014-nji ýyldaky sosial-ykdysady ösüşine bagyşlanan giňişleýin mejlisini  geçirdi. Mejlisiň dowamynda hökümetiň agzalarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işlerine baha berdi hem-de ýolbaşçylary wezipelere belledi.

Şeýle-de geçen ýylyň makroykdysady görkezijilerine we 2014-nji ýylyň býujetiniň, milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine, maýa goýum syýasatynyň netijelerine, gurluşyk we senagat, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda edilen işlere garaldy.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.

 Wise-premýerlere döwlet edaralaryna işe ýerleşmek babatda netijeli ulgamy işläp taýýarlamak, daşary ýurtlarda bilim alan ýaşlaryň edaralara ýerleşmegini üpjün etmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow milli telewideniýäniň ýolbaşçylaryna, gazet-žurnallaryň baş redaktorlaryna, Medeniýet ministrine tankygy bellikleri aýtdy.

 Mejlisiň dowamynda welaýatlardaky etrap hukukly şäherleriň we etraplaryň arasynda sosial-ykdysady we medeni görkezijiler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden maksatnamalaýyn çykyşynda döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynda amala aşyrylmaly işler boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň