Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly olimpiýaçylara döwrebap lukmançylyk hyzmatlary berilýär

17:5629.10.2021
0
4836

Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýän türkmen türgenleri sport we lukmançylyk ylymlarynyň iň täze gazananlaryndan peýdalanýarlar diýip, «Mir24» habar berýär. Olara Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň we Türkmenistan Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kliniki fiziologiýa merkeziniň hünärmenleri tarapyndan ýardam berilýär.

Lukmançylyk barlaglarynda türgene datçikler we kislorod maskasy dakylýar. Şeýle gözegçilik arkaly alnan maglumatlar türgeniň ýagdaýy barada belli bir karara gelmäge ýardam berýär.

Başga bir simulýator bolsa türgeniň deňagramlylygy saklamak ukybyny kesgitleýär. Wezipe bary-ýogy birnäçe sekuntlyk berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň