Soňky habarlar

Arhiw

Pink Floýduň gitarasy auksionda satyldy

15:4629.10.2021
0
2493

Rowaýata öwrülen “Pink Floýd” toparyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sid Barrettiň gitarasy Kembrijdäki Cheffins auksionynda satyldy. Ilkibada 5000-10 000 funt sterling möçberinde bahalandyrylan 12 kirişli “Yamaha” akustik gitarasy ahyrky netijede 19,9 müň funt sterlinge satyldy.

Gitarany satyn alan fransuz alyjy şonuň bilen birlikde Barrettiň ýasan agaç stoluny hem satyn aldy. Şeýle hem auksionda Barrettiň Kembrijdäki öýüniň teýzemininde özbaşdak ses ýazgysyny edýän studiýasynda asylan diwar çyrasy köpçülige hödürlenildi.

Secretmag.ru-nyň habar bermegine görä, gitaraçynyň ýegeni Mark Barrettiň belleýşine laýyklykda, ähli girdejiler psihiki hassalary we Artur Rank adyndaky ýokary derejeli hassalaryň hassahanasyna kömek edýän “Mind” haýyr-sahawat gaznasyna gönükdiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň