Soňky habarlar

Arhiw

CLAAS nemes kompaniýasy türkmen mehanizatorlary üçin ýörite okuwlary geçdi

15:0108.01.2015
1
3303

Aşgabat, 8-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

Saparmyrat Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw merkezinde bu okuw mekdebiniň hyzmatdaşy bolan Germaniýanyň CLAAS maşyngurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin ýörite okuwlary geçirdi.

Okuwlaryň dowamynda mugallymlar we talyplar oba hojalyk tehnikalaryna erk etmegiň inçe tilsimlerini öwrendiler, zyýan berijilere garşy göreşmek we ösümlikleriň keseli boýunça edilmeli işler bilen ýakyndan tanyşdylar.

Häzirki wagtda CLAAS kompaniýasynyň oba hojalyk tehnikalary ýerli şertlere uýgunlaşdyrylyp, olar ýurdumyzyň ähli sebitlerinde däne, şaly, pagta, ot-iýmlik ekinleri ýygnamak boýunça üstünlikli işleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň