Arhiw

ABŞ-da haryt söwdasynyň ýetmezçiligi rekord derejä çykdy

12:1628.10.2021
0
434
ABŞ-da haryt söwdasynyň ýetmezçiligi rekord derejä çykdy

INTERFAX.RU habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, ABŞ-da daşary haryt söwdasynyň ýetmezçiligi geçen sentýabrda 1955-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi.

Ýagny ol 9,2 göterim artyp, 96,25 milliard dollara deň boldy, muňa ýurduň Söwda ministrliginiň maglumatlary güwä geçýär.

Öň seljerijiler bu görkezijini 87 milliard dollar möçberde çaklapdylar diýip, habarda aýdylýar.

Harytlaryň importy sentýabrda aý hasaby boýunça 0,5 göterim ýokarlanyp, 238,4 milliard dollary düzdi, şunda daşary döwletlerden awtoulag we sarp ediş harytlarynyň satyn alnyşy 7,7 göterim pese düşdi.

Eksportyň derejesi 4,7 göterim— 142,2 milliard dollara çenli azaldy, şol sanda ulag serişdeleriniňki 2 we azyk harytlarynyň hem-de içgileriňki 1,7 göterim aşaklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň