Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa talyplar bilen duşuşdy

11:5028.10.2021
0
1915

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Täjiýewna Rüstemowa bilen duşuşyk geçirildi. Uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda sowal-jogaplar alşyldy, mugallymlardyr talyplaryň çykyşlaryna hem giň orun berildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş edip, öz baý zähmet ýoly, häzirki wagtda alyp barýan işleri dogrusynda gürrüň berdi. Zenan diplomatyň bellemegine görä, häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan halkyň milli gymmatlyklarynyň sanawyny düzmek, olary Adamzadyň medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, bu işlere ýaşlaryň goşulmagynyň, olaryň öz pikir-garaýyşlaryny beýan etmekleriniň hem örän ýerine düşjekdigini belledi. Talyplara Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň halka ýetirilmedik golýazma nusgalaryny il içinden gözlemek we bu gymmatly mirasy ÝUNESKO-­nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak barada hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri dogrusynda gyzykly maglumatlary gürrüň berdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň