BMG-niň münberinden dinozawr “çykyş etdi”

11:3528.10.2021
0
4119

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) çarşenbede adaty bolmadyk film bilen tanyşdyrdy, ol “Ýitip ýok bolmagy saýlamaň” diýen tutumyň çäklerinde klimatyň üýtgemegine garşy göreşi goldamak üçin döredildi, filmde bütindünýä guramasynyň işgärlerine hem-de ýurtlaryň wekillerine dinozawr çagyryş bilen ýüzlendi.

Ol öz çykyşy üçin Baş Assambleýanyň münberini saýlap aldy, onda mundan bir aý ýarym öň dünýä Liderleri çykyş edipdiler. “Adamlaryň özlerini aklamak üçin bahana gözlemegini bes etmeginiň we durmuşa özgertmeleri girizmäge başlamagynyň wagty geldi” diýip, dinozawr çykyşynda nygtady. Ol uglewodorodlara döwlet subsidiýalarynyň ýeterlik däldigini belledi.

Ol zalda oturanlara “Biziň ýitip ýok bolmagymyza asteroid sebäp boldy, siz nähili bahana tapmakçy?” diýen sowal bilen ýüzlendi.

Bu wideorolik BMG-niň taryhynda kompýuter grafikasyny ulanmak ýoly bilen döredilen ilkinji filmdir, onuň iňlis, ispan we fransuz dillerinde seslendirilmegine daniýaly aktýor, “Tagt oýunlary” serialynyň ýyldyzy Nikolaý Koster-Waldau, “Godzilla Konguň garşysyna” filminiň aktrisasy Eýsa Gonsales we fransuz aktrisasy Aisa Manga gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň