Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy şu gün Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynda ikinji duşuşygyny geçirer

11:1328.10.2021
2
690

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy şu gün Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny geçirer. Ildeşlerimiziň bu duşuşykdaky garşydaşy Palestinanyň ýygyndysy bolar.

Toparçadaky ilkinji duşuşygynda türkmen futbolçylarynyň ýer eýelerinden ― Iordaniýanyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn gelendigini ýatladýarys. Eger olar şu gün Palestinadan üstün çykyp bilseler, yklym ýaryşyna gatnaşmaga bolan mümkinçiligi artyp biler. Çünki geljek ýylda Özbegistanda geçiriljek yklym ýaryşyna saýlama tapgyrdaky 11 toparçanyň her biriniň ýeňijisi we ikinji orny eýelän toparlaryň iň gowy netije görkezen dördüsi gatnaşyp biler.

Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanjak duşuşyk Amman şäherindäki «Abdulla II» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň