Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy öňümizdäki dört ýylda 17,4 göterim artar

10:2328.10.2021
0
372
Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy öňümizdäki dört ýylda 17,4 göterim artar

Türkmenistanda 2025-nji ýylda öndüriljek elektrik energiýasynyň möçberi 2019-njy ýyldakydan 17,4 göterim artar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Elektroenergetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini gazanmak üçin energiýanyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, onuň ätiýaçlyk gorlarynyň döredilmegi zerurdyr. 2019 — 2025-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzda öndürilýän energiýanyň hasabyna, onuň eksportyny 8,7 göterim ýokarlandyrmak we 3,6 milliard kWt/sag. ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de «Türkmenistanyň gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, elektrik energiýasyny öndüriji täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi bilen, 2025-nji ýyla çenli energiýanyň möçberi, 2019-njy ýyla garanyňda, 17,4 göterim artar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň