Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda guş dümewi ýaýraýar

16:5827.10.2021
0
864

Hytaýda guş dümewiniň täze ştammy bilen keselleýänleriň sany artýar, bu barada “Reuters” ýazýar.

Habara görä, üstümizdäki 2021-nji ýylda guş dümewiniň H5N6 görnüşi bilen kesellänleriň 21-si hasaba alnypdyr, geçen ýyl bu görkeziji 5 adamdy.

“Hytaýda guş dümewiniň bu görnüşi bilen keselleýänleriň artmagy biynjalyk edýär, sebäbi bu wirus ölüm howpludyr” diýip, Rotterdamyň Erazmus uniwersitetiniň professory Tiýs Kuiken aýdýar.

Kesel ýoluganlaryň köpüsine öý guşlaryndan geçipdir, ýokanjyň adamdan adama geçen ýagdaýy heniz hasaba alnanok.

Hytaýyň keselleriň öňüni almak we gözegçilik etmek boýunça merkeziniň maglumatlaryna görä, H5N6 görnüşi guşçulyga we adamlaryň saglygyna çynlakaý howp salýar.

Guş dümewi, esasan, öý we ýabany guşlaryň arasynda ýaýraýar, seýrek ýagdaýda adama hem ýokuşyp bilýär, emma bilermenler geljekde onuň özgermä sezewar bolup, adamlara ýokuşmagyndan hem pandemiýa öwrülmeginden ätiýaçlanýarlar.

H5N6 görnüşi bilen kesellänler ýurduň Siçuan ülkesinde, şeýle-de goňşy ülkelerde hasaba alnypdyr.

Hytaý dünýäde guş etini, şol sanda ördek öndürmekde öňdäki orundadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň