Soňky habarlar

Arhiw

ÝHHG maglumatlary ýaýratmagyň hukuk esaslary bilen bagly 2 günlük okuw maslahatyny geçirýär

12:3727.10.2021
0
937

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda geçirilýän “Sanly tehnologiýalar asyrynda maglumatlary ýaýratmagyň hukuk esaslary” atly 2 günlük onlaýn okuw maslahaty badalga aldy. 27-28-nji oktýabr aralygynda dowam etjek bu onlaýn maslahata ýurduň döwlet edaralary, ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän çäre sanlylaşdyrylan şertleri nazarda tutmak bilen, maglumatlary köpçülikleýin ýaýratmagyň hukuk esaslaryny kesgitlemäge bagyşlanýar. Oňa daşary ýurtlaryň bilermenleri degişli mowzugy açyp görkezmek, bu ugurda türkmen wekilleri bilen tejribe alyşmak maksady bilen gatnaşýarlar. Iki günlük onlaýn webinarda Germaniýadan professor Erner Wolfgang Klýaýnwehter we Gruziýadan doktor Mamuka Andguladze maglumatlaryň hukuk şertleri, mümkinçilikleri barada dünýä tejribesi dogrusynda çykyş edýärler.

Onlaýn webinarda internetiň orny, bu ugurdaky dünýä standartlary, sanly tehnologiýalar asyrynda žurnalistleriň orny we wezipesi, internet kontentine gözegçilik etmek, mediasowatlylygyň möhüm orny we beýleki temalar ara alnyp maslahatlaşylar. Aýratyn-da, bu temalaryň çygrynda Türkmenistanyň internet aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen bagly pikirler beýan edilýär.

“Sanly tehnologiýalar asyrynda maglumatlary ýaýratmagyň hukuk esaslary” atly onlaýn okuw maslahatynyň maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly maglumatlar ulgamynda ÝHHG bilen hyzmatdaş döwletleriň degişli pudakda gazanan tejribeleri bilen tanyşmak, esasan-da, çärä gatnaşyjylaryň internet arkaly maglumatlary alyşmagyň hukuk binýadyna düşünmeklerini, ony amal etmeklerini we beýlekiler bilen paýlaşmaklaryny gazanmakdan ybaratdyr.

Belläp geçsek, ÝHHG häzirki maglumatlar asyrynyň jemgyýetçilik gatnaşyklaryna degişli dürli mowzuklarda onlaýn webinarlary yzygiderli geçirýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň