Soňky habarlar

Arhiw

TNGIZT materiallary we enjamlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

10:0827.10.2021
0
5586

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (potratçylary) tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna degişli obýektlerde düýpli gurluşyk işlerini geçirmek üçin dört sany 40 otagly we 12 gatly 72 otagly ýaşaýyş jaýlary hem-de PS110 / 35 / 6kW "Ruhnama" podstansiýasy üçin zerur materiallary we enjamlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
bäsleşigiň tehniki talaplaryny we spesifikasiýany almaly;
her bir lot üçin 575 amerikan dollary möçberde tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, 20 (ýigrimi) iş günleriň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilýär.

Tender tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (243) 2-27-62

+993 (243) 9-66-79

Faks:

+993 (243) 2-45-44

+993 (243) 2-22-04

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Salgysy: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň