Aşgabatda gazak akyldary Abaýyň hormatyna ýadygärlik gurlar

22:4026.10.2021
0
15255

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyran Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Aşgabatda görnükli gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligini gurmagy teklip etdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Berik Uali özüniň Facebook sahypasynda habar berdi.

Türkmen Lideri:

— Abaýyň ýadygärlig iki halkyň ýokary ruhy-ahlak garaýyşlaryny, şeýle hem ýurtlaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmegi alamatlandyrar — diýip nygtady.

Gazagystanyň Prezidenti bu teklibe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

— Abaý mukaddes türkmen topragynda hem uly hormata mynasyp bolýar. Bu, şübhesiz, tutuş gazak halky üçin gowy habar — diýip, Tokaýew belledi.

Abai Kunanbaýew beýik gumanist, jemgyýetçilik işgäri, mugallym, zehinli şahyr we akyldar. Ol Gazagystanyň milli edebiýatynyň düýbüni tutujydyr.

Gazagystanlylar Abaýy özleriniň ruhy ýolgörkezijisi, hatda milletiň galkynyşynyň ruhy lideri hökmünde kabul edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň