Arhiw

«Erich Krause» Türkmenistandaky çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigini geçirýär

18:0226.10.2021
0
8637
«Erich Krause» Türkmenistandaky çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Dünýä meşhur kanselýariýa kompaniýasy bolan «Erich Krause» Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalaryny we mekdep okuwçylaryny «Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

«Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigi çagalaryň üç ýaş aýratynlygyna görä geçirilýär:

• Kiçijik körpejeleriň arasynda, gatnaşyjylaryň ýaşy 3 - 4 ýaş aralygynda bolmaly;
• Mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagajyklaryň arasynda, gatnaşyjylaryň ýaşy 5-6 ýaş aralygynda bolmaly;
• Mekdep okuwçysy bolan çagalaryň arasynda, gatnaşyjylaryň ýaşy 7-12 ýaş aralygynda bolmaly.

«Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginde jemi 9 sany baýrak, ýagny çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä her topardan ýeňiji bolan üç sany çaga sylag berler. Mundan başga-da, surat bäsleşigine işjeň gatnaşan çagalara höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

«Erich Krause» kompaniýasynyň «Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň şertleri:

• @erichkrause_tm instagram sahypasyna ýazymaly;
• 25-nji oktýabrdan 25-nji dekabr aralygynda «Erich Krause» söwda haryt nyşanly konselýariýa önümlerinden peýdalanyp, «Täze ýyl çagalaryň gözleri bilen» mowzugyna degişli surat çekip ibermeli;
• Surat ýada wideo almaly we #newyearyearchildren heştegi bilen lentada goýmaly we maglumatlaryňyz (gatnaşyjynyň ady, familiýasy, ýaşy, we instagram sahypasy) bilen surat ýa-da wideo ibermeli.
• Suratda ýa-da wideoda «Erich Krause» söwda haryt nyşanly kanselýariýa önümleriniň we suratyň awtorynyň bolmaklygy hökmany wajyplykdyr.

«Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylaryň her biri üçin, bu bäsleşige iberiljek surat eserleriniň sany çäkli däldir.

«Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigine reňkli galamlar, flomasterler (flomaster – ýazmak, surat çekmek üçin reňk siňdirilen sterjen), reňkleriň islendik görnüşleri bilen, A4 ölçegli ak kagyzlarda ýerine ýetirilen suratlar kabul edilýär.

«Erich Krause» söwda haryt nyşanly kanselýariýa önümlerini «Galam» dükanyndan ýa-da göni kompaniýadan satyn almak isleýän müşderiler üçin salgy: Aşgabat şäheriniň Ý.Durdyýew köçesiniň 50-nji jaýy, «Gyrat» binasy.

«Täze ýyl çagalaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşigi barada giňişleýin maglumat almak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: +99312 75-45-28; +99361 98-27-47.

«Erich Krause» kompaniýasynyň instagram sahypasy: @erichkrause_ tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň