Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda pakistanly sürüji 13,6 million dollar utdy

17:5826.10.2021
0
8785

Pakistanly 36 ýaşly Junaid Rana Birleşen Arap Emirlikleriniň iň meşhur lotereýalarynyň biri bolan Mahzooz jekpotynyň ilkinji ýeňijisi boldy.

Şeýlelikde, ol 50 million dirhem (13,6 million dollar) gazandy. Junaid Rana Dubaýda sürüji bolup işleýär we aýlyk girdejisi 6000 dirhemden geçmeýär.

“Jackpot” lotereýasynyň ýeňijisi Mahzooz, gazanan pullary bilen bergilerini üzjekdigini, Dubaýda we Pakistanda jaý satyn aljakdygyny, şeýle hem hyýalyndaky awtoulagy ― «Nissan Skyline GTR» satyn aljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň