Türkmenistanly talyplaryň arasynda iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edildi

17:5326.10.2021
0
991

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda «Baky Bitarap Türkmenistan» atly iňlis dilinde makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz işlerini 2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 5-nji dekabryna çenli uniwersitetiň iuhd.org@gmail.com internet sahypasyna iberip bilerler. Bäsleşige gatnaşýan her bir talyp https://iuhd.edu.tm/competition internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr.

Bäsleşik iki derejede geçiriler. Birinji dereje boýunça ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar, ikinji dereje boýunça žurnalistika hünärinden başga islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

Ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň iňlis dilinde çeper ýazuwyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän bäsleşige gatnaşýan talyplar öz işlerini 300-den 500-e çenli söz aralygynda ýazmalydyrlar. Makalalarda

Türkmenistanyň bitaraplygy, daşary syýasaty öz beýanyny tapmalydyr.

Bäsleşige gatnaşýan talyp bäsleşige diňe bir iş hödürläp biler. Talyp işini özbaşdak ýazmaly, göçürilen bolmaly däl. Işler awtoryň özi tarapyndan tabşyrylmaly. Eger-de iş plagiýat bolan ýagdaýynda bäsleşikden aýrylar. Bäsleşige hödürlenýän işler hiç bir ýerde çap edilmedik bolmaly.

Bäsleşige gatnaşýan talyplar atlaryny, familiýalaryny, ýokary okuw mekdebiniň adyny, okaýan hünärini we okuw ýylyny, telefon belgilerini, makalasynyň adyny görkezmelidirler.

Bäsleşigiň netijesi eminler tarapyndan toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär we beýanlar arkaly resmileşdirilýär. Eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.

Habarlaşmak üçin:

  • Tel: +993 12 398535,
  • Mail: iuhd.org@gmail.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň