Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: «Şagadam» 1000-nji goluny geçirdi

22:0025.10.2021
0
484

«Turkmenportalyň» sport habarçysynyň şahsy hasaplamalaryna görä, Ýokary liganyň 1-nji tapgyrynda «Şagadam» Türkmenistanyň çempionatyndaky 1000-nji duşuşygyny geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, Marynyň «Merwi» bilen geçirilen bu duşuşyk 4:2 hasabynda Türkmenbaşy şäheriniň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Duşuşykda «Şagadamyň» üçünji goly toparyň taryhynda Ýokary ligada geçiren 1000-nji goludyr. Bu goluň awtory bolmak duşuşygyň goşmaça wagtynyň 2-nji minudynda Hemra Amanmämmedowa miýesser etdi.

«Şagadam» Ýokary ligadaky gollary boýunça iň netijeli möwsümini 2014-nji ýylda başdan geçirdi. Dört aýlawdan ybarat bolan şol möwsümde bürünç medaly eýelän «Şagadamyň» futbolçylary garşydaş derwezelere 88 pökgi geçirdiler.

Toparyň iň pes netije görkezen möwsümi bolsa 1997 ― 1998-nji ýyllaryň aralygyndaky möwsümdir. Şol möwsümde «Şagadamyň» futbolçylary 28 duşuşykda bary-ýogy 10 pökgi geçirip bildiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň