Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasynyň seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy

08:0826.10.2021
0
663

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy. Bu ýerde Gazagystan Respublikasynyň Baştutany milli gahrymanlar — merdana Watan goragçylary baradaky hakydany ebedileşdiren “Baky şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy. Gazagystanyň Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Asylly däbe görä, Garaşsyzlyk binasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda goňşy döwletiň Baştutany mizemez türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň