Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy ilkinji saýlama duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi

23:5525.10.2021
0
6215
Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy ilkinji saýlama duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi

Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy 2022-nji ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky ilkinji duşuşygynda Iordaniýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi.

Duşuşyk 0:1 hasabynda garşydaş tarapyň üstünligi bilen tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk pökgini 67-nji minutda hüjümçi Ali Olwan geçirdi.

Şeýlelikde, Iordaniýanyň ýygyndysy 3 utuk bilen «F» toparçanyň başyny çekýär.

Ýaşlar ýygyndymyz saýlama tapgyrdaky indiki duşuşygyny 28-nji oktýabrda Palestinanyň ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 21-de başlanmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň