Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirdiler

19:0825.10.2021
0
803
Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirdiler
Surat: akorda.kz

Türkmenistanyň we Gazagystanyň resmi wekiliýetleriniň arasyndaky gepleşiklerden soň, döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirdiler. Degişli habary Gazagystanyň Prezidentiniň resmi web sahypasy ýetirýär.

Brifingde döwlet Baştutanlary iki döwletiň wekiliýetleri tarapyndan baglaşylan şertnamalar barada aýdyp, serhetleriň kanuny taýdan birleşdirilmegine gönükdirilen şertnamalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler. Gepleşiklerde ilkinji nobatda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, oňa gatnaşyjylar ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmekde bar bolan mümkinçilikler dogrusynda jikme-jik bellediler. Munda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, onda ýük daşamalaryny döwrebap, ygtybarly we howpsuz alyp barmak şertlerini has özgertmek meseleleri kesgitlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen Garabogaz aýlagynyň üsti bilen Gazagystana tarap täze awtoulag ýoluny açmak meselesi goldanyldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin geçirilen brifingde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentini geljek ýylda Gazagystana döwlet saparyna çagyrýandygyny aýtdy.

Brifingden soň, Gazagystanyň Prezidentini “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe bu ýokary döwlet baýragyny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň