Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa oktýabr aýynda üçünji gezek Türkmenistandan ýörite uçuşyny amala aşyrar

12:2325.10.2021
0
12810

«Sibir» howa ýollarynyň Türkmenabatdan Moskwa indiki ýörite uçuşy 29-njy oktýabrda meýilleşdirilýär. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirildi.

Uçuş S78536 tertipde Domodedowo halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda görkezilýär.

Bu uçuş 25-nji eksport uçuşy we 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda üçünji bolar.

Orta hasap bilen Russiýanyň ilçihanasy aýda Türkmenistandan Moskwa iki eksport gatnawyny gurnaýar. Şeýle uçuş iň soňky gezek 22-nji oktýabrda amala aşyryldy.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Russiýa bilen yzygiderli gatnawlar togtadyldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň