ÝB-niň Liderleri ýangyjyň nyrhy bilen bagly ýagdaýy dekabrda maslahatlaşmakçy

11:0725.10.2021
0
886

Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň baştutanlary energiýanyň bahalary we oňa garşy täsirli çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdäki dekabrda ýene duşuşarlar. Bu barada AP habarlar gullugy ýazýar.

Öňräk geçen Ýewropa Geňeşiniň sammitinde hem energiýanyň bahalarynyň ýokarlanmagy we onuň raýatlara hem-de işewürlige ýaramaz täsiriniň öňüni almak meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdy.

«Ýewropa geňeşi ýagdaýy gözegçilikde saklaýar we bu meselä dekabrda gaýdyp geler” diýip, Ýewropa geňeşiniň başlygynyň metbugat kätibi Barend Leýts metbugat beýanatynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, ÝB-niň agza ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň geljekki ýygnagy 16-17-nji dekabrda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň