Soňky habarlar

Arhiw

BMG: Madagaskarda güýçli guraklyk bilen bagly açlyk höküm sürýär

11:0125.10.2021
0
1065

BMG-niň Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Madagaskaryň günortasynda bir milliondan gowrak adam howanyň üýtgemegi bilen bagly emele gelen açlyk şertlerinde ýaşaýar. Bu ülke birnäçe ýyla çeken guraklykdan uly ýitgi çekdi diýip, BMG-niň maksatnamasynyň beýanatynda bellenýär.

Madagaskar dünýäde ululygy boýunça dördünji ada bolmak bilen, özboluşly ekoulgamy, ýagny dünýäniň beýleki ýerlerinde duşmaýan haýwanat we ösümlik dünýäsi bar. Guraklyk möwsümi bu ýerde adatça maýdan oktýabra çenli dowam edýär, noýabrda bolsa, ýagyş möwsümi başlaýar, emma soňky döwürde klimatyň üýtgemegi bu kadany bozdy. Indi ýagyş bu adada seýrekledi.

Bu barada Maksatnamanyň wekili Elis Rahmun aýdýar. Ol golaýda Madagaskarda boldy we BMG-niň beýleki işgärleri bilen birlikde ýerli ilata kömek berýär. Ol suwsuz gurap ýatan ekin meýdanlaryny, hasylsyz bakja pellerini öz gözi bilen gördi. Rahmunyň sözlerine görä, adanyň käbir etraplarynda adamlar çekitge, miwe we iri şahly mallaryň iými bolan kaktus ýapraklaryny iýip, gün görýärler. Ol hatda guraklyk zerarly kaktuslaryň hem azalandygyny aýdýar.

Bütindünýä Azyk maksatnamasy haýyr-sahawat hyzmatdaşlarydyr Madagaskaryň hökümeti bilen bilelikde ýurda azyk hem-de ýörite dermanlaryň üpjünçiligini ýola goýdy.

Maksatnama häzir adanyň takmynan bir million ilatyny öňdäki ýylyň apreline çenli goldamak üçin 70 million dollar ýygnamagy meýilleşdirýär.

BMG-niň Azyk maksatnamasynyň maglumatlaryna görä, häzirki günde dünýäde 41 million adam açlygyň öňüsyrasynda dur, bu görkeziji 2019-njy ýylda 27 milliona deňdi. Madagaskarda, Efiopiýada, Günorta Sudanda we Ýemende eýýäm 584 müň adam açlykdan ejir çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň