Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2021» halkara maslahatyna 32 döwletden 100-e golaý kompaniýa gatnaşar

23:3022.10.2021
0
6509

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna 27-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzir foruma 32 döwletiň 100-e golaý kompaniýalaryndan, halkara guramalardan we iri banklardan wekiller sanly ulgam arkaly gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşmalar guralar. Onuň pes uglerodly energetika meselesine bagyşlanan bölümleriniň birini bolsa BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisinden teleköpri arkaly guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara maslahatyň maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her ýyl geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forumyň Türkmenistanyň ägirt uly serişde we ykdysady kuwwatyna eýe bolan strategik nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň aýrylmaz şertleriniň biridir.

Bitarap Türkmenistan energetika diplomatiýasyny işjeň öňe sürüp, täzeçil tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler bolan ýangyç-energetika toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milletiň Lideri hödürlenilen maksatnamany makullap, wise-premýere halkara forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Ol hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, umumy bähbitlere kybap gelýän täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin açyk meýdança öwrülmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň