Türkmen şahyrynyň liriki şygyrlarynyň ýygyndysy Azerbaýjanda neşir ediler

18:4106.01.2015
0
4973

Aşgabat, 6-njy ýanwar. «Türkmenportal».

“Azerbaýjanyň milli ylymlar Akademiýasynyň Golýazmalar instituty türki halklarynyň edebiýatynyň görnükli wekili, meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň liriki goşgularynyň ýygyndysyny çapa taýýarlaýar” – diýlip, Baku şäheriniň medeniýet we syýahatçylyk dolandyryş edarasynyň resmi saýty habar berýär.

600 sahypalyk neşir tranliterasiýa (bir diliň ýazuwynyň harlaryny başga bir diliň ýazuwynyň harplary bilen bermek) usulynda azerbaýjan diline geçirilipdir.

Ýygynda şahyryň ozal çap edilmedik goşgulary hem giriziler.

Magtymguly 1933-nji ýylda eneden doglup, Pyragy lakamy bilen şygyr ýazypdyr.

-Magtymgulynyň döredijiligi Molla Panah Wagif, Molla Weli Widadi ýaly tanymal azerbaýjan şahyrlarynyň hem döredijiligine täsir edipdir – saýt belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň