Soňky habarlar

Arhiw

«Taliban» hökümeti Owganystanyň ähli raýatlarynyň pasport almaga hukugynyň bardygyny beýan etdi

13:0823.10.2021
0
1275

RF-da gadagan edilen «Talibanyň» wagtlaýyn hökümediniň Içeri işler ministrliginiň Pasport edarasynyň Baş müdüriniň wekili Älem Gül Hakkany BBC kanalyna beren beýanynda, 15-nji awgustda bes edilen pasport bermek işleriniň ýaňadandan başlanaly bäri, gündelik takmynan 4000 – 4500 aralygyndaky adama pasport berýändiklerini we jemi berilen pasportlaryň sanynyň 46 müňe ýetendigini aýratyn belläp geçmeklik bilen:«Owganystanyň raýatlarynyň ählisiniň pasport almaga hukugy bardyr» diýip nygtady.

Pasport bermek işlerini Owganystanyň ähli sebitlerinde ýola goýandyklaryny aýdan Hakkany, raýatlaryň degişli şahamçalaryň üsti bilen pasportlaryny almaga başlandygyny aýan etdi.

Hakkany, pasport berýän şahamçalaryň ähli halkyň hyzmatyna açykdygyna ünsleri çekip, daşary ýurda gitmek isleýän ähli adamlara resminama berjekdiklerini we ozalky hökümediň düzüminde bolan adamlaryň hem pasport almaklaryndan hoşal boljakdyklaryny beýan etdi.

«Talibanyň» hökümetiniň owgan halkynyň gelejegi üçin arman-ýadaman işleýändigini aýdan Hakkany, hiç kimiň ýurdy terk etmäge mejbur däldigini we gorkmaly däldigini habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň