Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda şaly hasyly ýygnalýar

13:0023.10.2021
0
1088

Daşoguz welaýatynda şaly, esasan, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr we S.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen daýhan birleşiklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Şu ýyl S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa 3350 gektar ýerden 14500 tonna hasyl almak göz öňünde tutuldy.

Şalynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin bu daýhan birleşikleri kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşdy. Ýöriteleşdirilen hojalyklaryň şalyçy kärendeçileriniň ençemesi oragyň ilkinji günlerinden şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý edip, uly zähmet üstünliklerini gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň