Daniýada sürüjileri gorkuzýan pyýada geçelgeleri peýda boldy

12:1923.10.2021
0
4216

Daniýanyň Orhus şäheriniň köçelerinde 3D ölçegdäki pyýada geçelgeleri peýda boldy. Şäheriň ýaşaýjylaryň olaryň sürüjileri gorkuzýandygyny aýdýarlar.

«Rossiyskaýa Gazeta»-nyň habaryna görä, «innowasiýa» geçelgeleri üç ölçegli beton bloklar görnüşindedir. Olaryň asyl maksady hem sürüjileriň biraz säginmegini gazanmakdan ybarat.

Täze geçelgeler adaty kowumdaşlary bilen çalymdaş. Ýöne olar uzakdan seredeniňde hakyky beton plitalara meňzeýär. Esasanam, olar golaýlaberende, gözüniň görşi pes bolan sürüjiler dessine tormoza basmak bilen boluberýär.

Gazetiň habaryna görä, Orhus şäher häkimligi täze bellikleriň ýol hereketiniň ýagdaýyna edýän täsirine gözegçilik eder we olaryň ýakyn wagtda terk edilip bilinmegi gaty ähtimal.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň