Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Eýranda saparda bolar

21:2722.10.2021
0
2727
Türkmen wekiliýeti Eýranda saparda bolar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 2021-nji ýylyň 26 – 28-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Goňşy döwlete saparynyň dowamynda türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky 16-njy mejlisine hem-de iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň