Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2021: "Köpetdag" bilen "Ahal" deňme-deň oýnady

19:3622.10.2021
0
5346

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygynda “Köpetdag” topary “Ahaly” kabul etdi. Bu duşuşykda toparlaryň hersi bir gezek tapawutlanmagy başardylar.

“Köpetdagyň” oýunçysy Begenç Akmämmedowyň 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren topuna “Ahal” Elman Tagaýewiň netijeli urgusy bilen jogap berdi.

Ýeri gelende bellesek, düýn çempionatyň açylyş oýny geçirilip, onda “Aşgabat” bilen “Altyn Asyr” toparlary güýç synanyşdylar. “Aşgabat” stadionynda geçirilen duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Altyn Asyr” 3:1 hasabynda ýeňşini baýram etdi.

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň duşuşyklary 25-nji hem-de 26-njy oktýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň çäginde 25-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyklarda “Altyn Asyr” – “Energetik”, “Ahal” – “Nebitçi” hem-de “Şagadam” – “Merw” toparlary güýç synanyşarlar. 26-njy oktýabrda bolsa “Köpetdag” bilen “Aşgabat” toparlary duşuşarlar.

5-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynyň netijesi:

“Köpetdag” – “Ahal” – 1:1

Gollar: 11 Begenç Akmämmedow (11 m.j.u.) (“Köpetdag”) – 17 Elman Tagaýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 65 Öwezbaý Muhammetmyradow, 90 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) – 10 Öwezmyrat Öwezmyradow, 24 Abdy Bäşimow, 61 Ybraýym Mämmedow, 82 Didar Durdyýew (“Ahal”)

Meýdandan çykarylanlar: 88 Baýramgeldi Gulmaýew (“Köpetdag”) – 88 Gurbanguly Aşyrow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Gurbanow (Aşgabat ş.), B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň