Soňky habarlar

Arhiw

Ak mermere beslenýän Aşgabat dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýar

09:2206.01.2015
0
2964

Aşgabat, 6-njy ýanwar. «Türkmenportal».

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämedow paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şäheriň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe awtoduralgalaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Ak mermere beslenýän Aşgabadyň dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalara, çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabady sazlaşykly ösdürmek boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiminiň diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi we wise-premýer B.Artykowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýerler öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we häzirki döwürde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde dürli maksatly binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler, binalaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň hemmetaraplaýyn nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, şäheri abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýerlere we Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze döredilen etraplarynda adamlaryň netijeli işlemekleri, amatly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belläp, seýilgäh zolaklarynyň, ýol-ulag desgalarynyň, yşyklandyryjylar ulgamynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly goramak maksady bilen ekologiýa taýdan ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna ähmiýet berilmelidigini belledi we göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara bu ugurda alnyp barylýan işlere döwrüň baş meselesi hökmünde garamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň