Soňky habarlar

Arhiw

Täze saýt işe başlady

17:3422.10.2021
0
1210

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde www.lebapmuseum.gov.tm işe başlady. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetinde habar berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň muzeýleriniň işiniň döwrebap we kämil guralmagyna uly üns bermegi netijesinde hereket edip başlan täze saýt muzeý bilen ilatyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň alamatydyr.

Saýtda muzeýde hereket edýän «Garaşsyzlyk», «Etnografiýa», «Arheologiýa», «Şekillendiriş sungaty» hem-de «Tebigat bölümlerinde saklanylýan dürli gymmatlyklar barada maglumatlar türkmen, rus, iňlis dillerinde ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şol sebäpli, saýtyň «Täzelikler» atly sahypasynda muzeýiň tejribeli hünärmenleri tarapyndan geçirilýän medeni çäreler barada em maglumatlara uly orun berilýär.

Täze hereket edip başlan saýtda muzeýiň gaznasyna gelip gowşan dürli gymmatlyklar, olar barada maglumatlar we fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Bir söz bilen aýdanymyzda, bu saýt muzeý bilen ilatyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň hil taýdan döwrebap guralmagyna, olaryň halkymyzyň şan-şöhratly geçmiş-taryhyna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmaga uly mümkinçilikleri döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň