“INTERFAX.RU” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, “Ýaşyllaryň”, Germaniýanyň Sosial-demoratlar partiýasynyň hem-de Azat demokratik partiýasynyň wekilleri ýurduň kansleriniň wezipesiniň kime ynanyljakdygyny 6-njy dekabrdan soňra resmi mälim ederler.
Bu barada Azat demokratlaryň baş sekretary Folker Wissing žurnalistlere resmi beýanat berdi.
Onuň sözlerine görä, üç partiýa koalision ylalaşygy kabul edenden soňra täze kansleriň kimdigi belli ediler. Eýýämden bu wezipä Sosial-demoratlaryň başlygy we ýurduň maliýe ministri Olaf Şols bellener diýlip çaklanylýar.
Germaniýada parlament saýlawlary 26-njy sentýabrda geçdi.