Soňky habarlar

Arhiw

Putin: “Talyplar” hereketiniň gadagan edilen guramalarynyň sanawyndan aýrylmagy mümkin

16:1822.10.2021
0
1063

RF-da gadagan edilen gurama bolan “Talyplar” hereketiniň bu sanawdan aýrylmagy mümkin, ýöne bu BMG derejesinde geçirilmelidir. Bu barada 21-nji oktýabrda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin “Waldaý” halkara pikir alyşmalar guramasynyň plenar ýygnagynda eden çykyşynda belledi.

Häzirki wagtda Russiýa hut şu ugur boýunça hereket edýär, emma hereketi sanawdan aýyrmak ugrundaky iş onuň öň sanawa girizilmegi bilen bagly şertlerde kabul edilmelidir. Putin şeýle hem Moskwanyň “Talyplaryň” wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini sözüniň üstüne goşdy. Mysal üçin, 20-nji oktýabrda “Talybanyň” wise-premýeriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Salam Hanafiniň Moskwa sapary boldy we ol dostlukly ýagdaýda geçdi.

RF-niň Owganystan boýunça ýörite wekili, Ikinji Aziýa departamentiniň direktory Zamir Kabulow “Talyplaryň” ýolbaşçylygynyň ýurtda inklýuziw hökümeti düzmek barada beren sözüni berjaý etmegi we adam hukuklaryny üpjün etmegi gerek, şeýle ýagdaýda Russiýa bu hereketi Owganystanyň häkimiýeti hökmünde ykrar eder diýip, beýanat berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň