Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň arasynda işewürlik forumy guraldy

23:3721.10.2021
0
5577

Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň-GDA-nyň/Gruziýanyň Birleşen söwda edarasynyň (BSE) arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly işewürlik-forumy guraldy.

Türkmen tarapyndan forumyň işine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şweýsariýa tarapyndan BSE-niň hem-de Şweýsariýanyň Ykdysady meseleler boýunça Döwlet sekretariatynyň ýolbaşçylary, şonuň ýaly-da nebitgaz, energetika, gurluşyk, binagärlik, maşyngurluşyk, demirýol gurluşygy hem-de kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda ýöriteleşen 40-a golaý şweýsar kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30-ýyllygyna bagyşlanan işerwürlik-forumynyň esasy maksady Türkmenistanyň we Şweýsariýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmeginden, şol sanda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütleriniň hem-de çemeleşmeleriniň işlenilip düzülmeginden ybaratdyr.

Çärä gatnaşyjylar döwlet edaralarynyň hem-de kompaniýalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn ykdysady hem-de işewürlik işjeňligini, işewürlik-gurşawyny, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga we oňa syn bermäge, söwda, maýa goýumlar hem-de ykdysady integrasiýa üçin döredilen şertler bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň milli önümleriniň eksport mukdarynyň artdyrylmagyna, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz we dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, gurluşyk, ulag we logistika ulgamlarynda ýöriteleşen şweýsar kompaniýalary bilen özara hereketleriniň has hem işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.

Foruma gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, bu çäre iki ýurduň arasynda uzakmöhletleýin we özara bähbitli esasda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine güýçli itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň