Soňky habarlar

Arhiw

Maryly telekeçi köpugurly telekeçilik işleri özleşdirýär

11:5122.10.2021
0
1663

Telekeçiligiň köpugurly esasda alnyp barylmagy önümçiligi hem-de hyzmatlaryň hödürlenmegini öz içine alyp, türkmen telekeçileri tarapyndan hem durmuşa geçirilýär. Ýurduň söwda-haryt dolanyşygyna ýardamyny ýetirýän bu pudakda raýatlar üçin birnäçe hyzmatlar jemlenip, ol öz nobatynda milli ykdysadyýetiň netijeliligine oňyn täsir edýär. Türkmenistanda telekeçiligi guramagyň we alyp barmagyň şertleriniň esasynda hususyýetçiler ýurduň import-eksport mümkinçiliklerine-de goşulyşýarlar.

Telekeçi Aýsoltan Berdiýewanyň telekeçilik işini köptaraply amal etmegi birnäçe ugur boýunça önümçiligi we hyzmatlary — ýyladyşhanada damjalaýyn suwaryp pomidor ösdürip ýetişdirmekden, “Merw” hususy myhmanhanasynda döwrebap hyzmatlary hödürlemekden, şeýle-de Türkiýe Respublikasyndan kir ýuwujy serişdeleri import etmekden ybarat. Aýratyn-da, telekeçiniň pomidor önümlerini içerki bazarlara çykarmagy, olary sebitiň birnäçe döwletlerine eksport etmegi ýokary netijelerini berýär.

Türkmenistanda “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakynda” Kararyň kabul edilmegi bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin önüm öndürijileriň hatarynda telekeçä ýer böleklerinden 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga şert döredildi. Şunuň ýaly ilerleýän önümçiligi has-da kämilleşdirmegi göz öňünde tutup, telekeçi halkara derejesinde geçirilýän maslahatlara hem yzygiderli gatnaşýar. Ol Aşgabat şäherinde 27-nji iýunda geçen türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna, şeýle hem awgust aýynda Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna işewür hökmünde gatnaşdy, şol ýerde Gazagystan Respublikasyndaky “BK Fruit Agro” kompaniýasynyň ýolbaşçysy E.M. Bekmyradow bilen eksport üçin onlaýn görnüşde şertnama baglanyşdy.

Telekeçiniň alyp barýan işleriniň esasynda Mary etrabynyň çäginde 10 gektar ýerde ýerleşen ammaryň we ýyladyşhananyň 4 gektarynda pomidor ýetişdirilýär. Bu ýerde 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ekiş başlap, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda pomidor satuwy ýola goýuldy. Ýylyň birinji ýarymynda 181,661 tonna pomidor içerki bazarlara tabşyrylyp, 612 tonna pomidor bolsa Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Azerbaýjan ýaly ýurtlara eksport edildi.

Köpugurly telekeçiligiň ýene bir ugry “Merw” hususy myhmanhanasynda müşderiler üçin oňaýly amatlygy hödürlemekdir. 2015-nji ýylda öz işine başlan 30 orunlyk myhmanhana bu ýere gelýän myhmanlar hem-de daşary ýurtly jahankeşdeler üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Bulardan başga-da, telekeçiniň import bilen meşgullanmagynda ýurduň içerki bazarlaryna Türkiýäniň ýokary hilli önümi bolan “Biosarda” atly reňkli we ak eşikler üçin niýetlenen 3 kg-lyk kir ýuwujy serişdäni amatly bahadan getirýänligini bellemek bolar. Birnäçe ugurlar boýunça önümlerini we hyzmatlaryny müşderilere ýetirýän telekeçi geljekde raýatlar üçin has-da ýeňillikli hyzmatlary hödürlemegi maksat edinýär.

Bellenip geçilen azyk we hojalyk harytlaryny lomaý ýa-da amatly bahalardan satyn almak üçin biosarda_tm sahypasyndan, şeýle-de myhmanhana hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin http://merw-hotel.business.site we aysona.berdyyewa@mail.ru elektron poçta salgysy ýa-da +99364606061, +993522 64592 telefon belgileri boýunça habarlaşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň