Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: şu gün 5-nji tapgyryň çägindäki «Köpetdag» ― «Ahal» duşuşygy geçiriler

10:2022.10.2021
0
970

Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 20-nji oktýabrda başlanan täze möwsümi şu gün ― 22-nji oktýabrda 5-nji tapgyryň çägindäki «Köpetdag» ― «Ahal» duşuşygy bilen dowam edýär.

«Aşgabat» stadionynda geçiriljek duşuşyk öýlän sagat 17:00-da başlar.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu duşuşygyň baş emini hökmünde Resul Mämmedowy belledi. Oňa Akmyrat Gurbanow bilen Babanazar Haknazarow ýardam berer.

Şeýle hem duşuşygyň ätiýaçdaky emini Ý.Jumamyradow, gözegçi emini bolsa Maksat Seýitgulyýew bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň