Soňky habarlar

Arhiw

“Facebook” kompaniýasy “wirtual älemi” döretmek üçin 10 müň işgäri hakyna tutmakçy

18:0821.10.2021
0
644

“Facebook” kompaniýasy Ýewropa Bileleşiginde öňdäki bäş ýylyň dowamynda “Metaälemi” döretmek taslamasy üçin 10 müň sany işgäri hakyna tutmakçydygyny habar berdi.

Taslama üçin kompaniýa germaniýaly, fransiýaly, italiýaly, ispaniýaly, polşaly, niderlandly we irlandiýaly ýokary hünär derejeli inženerler gerek.

Metaälem— wirtual giňişlik bolmak bilen, onda adamlar wirtual reallyk äýneklerini dakynyp, birek-birek bilen duşuşyp bilerler. Taslamanyň üstünde kompaniýanyň “Oculus” şahamçasy işleýär, tutuma 50 million amerikan dollary möçberinde maýa goýumy goýlar.

Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýylyň başyndan bäri “Faсeboogyň” maliýe nyrhy 18,9 göterim gymmatlap, 915,6 milliard dollara deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň