«Türkmen-Kalkan» kärhanasynda aýakgaplaryň müňlerçe jübüti öndürildi

17:4421.10.2021
0
1398

Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasy şu ýylyň geçen dokuz aýynda önüm öndürmek boýunça guwandyryjy görkezijilere eýe boldy. Agzalan döwürde kärhananyň agzybir işçi hünärmenleri tarapyndan 27 million 315 müň 762 manatlyk önüm öndürildi, bu babatda 143,6 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Munuň özi kärhananyň iş depgininiň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

2021-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda kärhanada aýakgaplaryň müňlerçe jübüti öndürildi. Bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýan aýakgaplara islegiň ýokary bolmagy onuň önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa çig malyň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň