«Apple» täze kompýuter öndürmegi meýilleşdirýär

17:0421.10.2021
0
4666

«Apple» kompaniýasy inedördül korpusly we güýçli M1 Pro Max prosessorly täze «Power Mac» görnüşindäki kompýuteri öndürer. Oňa, adatça, «Mac Pro Cube» diýilýär. Bu barada «iDrop News» neşiri habar berdi.

Amerikan kompaniýasy ARM-çipi esasynda başga bir kompýuteriň öndürilmegini we çykarylmagyny meýilleşdirdi diýip, Bloomberg gazetiniň synçysy Mark Gurman hasabatynda aýtdy. Bu model 2000-nji ýylda Stiw Jobsuň döwründe hödürlenen nusgawy «Power Mac G4 Cube» kompýuterine wizual görnüşde meňzeýär.

Täze enjamda 20 ýadroly prosessor we 64 ýadroly grafiki tizlendiriji bolar. Täze kompýuteriň yglan edilmegi 2022-nji ýylyň tomsunda meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň