Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalçylary belli boldy

10:5521.10.2021
0
4089

Saud Arabystanynyň «Al-Hilaly» we Koreýa Respublikasynyň «Phohan Stilers» topary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy.

Final duşuşygy 23-nji noýabrda Er-Riýad şäherindäki «Mrsul Park» stadionynda oýnalar.

Ýaryşyň ýarym finalynda «Al-Hilal» «Al-Nasry» 2:1 hasabynda ýeňdi. «Phohan Stilers» bilen «Ulsan Hýondeniň» arasyndaky duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlanyp, 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:4 hasaby bilen üstün çykan «Phohan Stilers» finala çykmagy başardy.

Koreý topary taryhynda üç gezek ― 1996/97, 1997/98 we 2009-njy ýyllarda yklymyň biriji derejeli klublaýyn ýaryşynyň ýeňijisi bolmagy başardy. Edil şonuň ýaly hem «Al-Hilal» üç gezek ― 1991, 2000 we 2019-njy ýyllarda Aziýanyň iň güýçli kluby boldy.

Final duşuşygynyň ýeňijisi 2022-nji ýylda BAE-de geçiriljek dünýäniň klublaýyn çempionatyna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň