Soňky habarlar

Arhiw

Çagalaryň hukuklaryna bagyşlanan täze kitabyny neşir etdirdi

16:1621.10.2021
0
957

Aktrisa Anjelina Joli “has deňhukukly jemgyýeti döretmek” ugrunda göreşýän ýaş işjeňleri goldaýan täze kitabyny neşir etdirdi. Bu barada ol Instagramdaky akkauntynda ýazdy.

Kyrk alty ýaşly aktrisa kitabyny “Öz hukuklaryňy bil we olary talap et: ýaşlar üçin gollanma” diýlip atlandyrdy, onda çagalaryň hukuklary hem-de ýaşlaryň olary nädip goldap biljekdigi jikme-jik beýan edilýär.

“Meni bütin dünýäniň adam hukuklary ugrundaky göreşde öň hatarlarda durýan ýaşlary ruhlandyrýar” diýlip, kitapda ýazylýar.

“Oskar” kinobaýragynyň eýesi Joli öňden bäri adam hukuklary, esasan hem, zenanlaryň hem-de çagalaryň hukuklary ugrunda çykyş edýär. Ol 2012-nji ýylda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň ýörite ilçisi boldy, her ýyl haýyr-sahawat işi bilen dünýä ýurtlaryna sapara barýar, şeýle saparlaryň iň soňkusyny aktrisa Keniýa amala aşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň