Arhiw

Ähli söýgülileriň gününe sowgat

18:2005.01.2015
0
3581

Aşgabat, 5-nji ýanwar. «Türkmenportal».

7-8-nji fewralda 18.00-da Ähli söýgülileriň gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan» kinokonsert meкkezinde “Orkestrleriň parady” atly uly şowhunly şüweleň geçiriler. Konsertiň maksatnamasyna daşary ýurtlaryň ady rowaýata öwrülen aýdymçylarynyň, şol sanda Pol Morianyň ýolbaşçylygyndaky meşhur fransuz orkestriniň, nemes kompщzitory, saz timarlaýjysy we dirižýory Jeýms Lastyň eserleri girizilipdir.

Keramatly Walentin gününde geçiriljek konserte çakylygyň ýatdan çykmajak sowgat boljakdygyny unutmaň! Petekleri telefon arkaly we elektron poçta boýunça sargyt etmek bolar: vshustova@mail.ru 8 67 18 55 55; 34 52 27; 8 64 02 30 34.

Rasul Klyçewiň orkestriniň ýerine ýetirmegindäki ajaýyp sazlar baradaky maglumaty we Türkmenistanyň beýleki afişalary bilen afişa atly rubrikamyzda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň