«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy «Formula 1-iň» ABŞ Gran-prisiniň ýaryşlaryny göni ýaýlymda görkezer.
Möwsümiň 17-nji ýaryşy bolsa ABŞ Gran-prisi Ostin şäherindäki «Trassa Amerik» ýaryş ýolunda geçiriler.
Ýaryş 24-nji oktýabr güni gije sagat 23:55-de başlar. Şeýle hem bu ýaryşa Russiýanyň «Матч ТВ», «Матч! Арена», «Матч! Игра» teleýaýlymlarynda hem tomaşa edip biljekdigiňizi ýatladýarys.