Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky «City Business School» Akbäbek Taganowa bilen göni ýaýlymda çykyş eder

12:5421.10.2021
0
8850

Uzak aralykdan telekeçiligi dolandyryş işine duş geldiňizmi?

Dünýäniň islendik ýerinden nädip işlemelidigiňiz barada alada edýän bolsaňyz, şol bir wagtyň özünde hem ähli iş tertibine doly gözegçilik edýän bolsaňyz, Türkmenistandaky MBA sizi «Uzakdaky hususyýetçi. Uzak aralykdan telekeçilik işini döretmek we dolandyrmak» atly mowzuk boýunça göni ýaýlymda çykyş etmäge çagyrýar. Göni ýaýlym 25-nji oktýabrda bolar.

MBA-nyň ýerine ýetiriji talyby we üstünlikli telekeçi Akbäbek Taganowa bu mowzuk boýunça öz tejribesini @akbiabek instagram sahypasynyň göni ýaýlymynda paýlaşar. Telekeçiligi uzak aralykdan dolandyrmagyň artykmaçlyklary we kynçylyklary barada pikir alyşma bolar.

Şeýle hem, Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») mekdebinde bilim bermek işine özüniň nähili kömek edendigi barada gürrüň berer.

Göni ýaýlym mba_turkmenistan instagram sahypasynda bolar.

Aşgabatdaky «City Business School» («Şäher işewürlik mekdebi») mekdebinde «Uzakdaky hususyýetçi. Uzak aralykdan telekeçilik işini döretmek we dolandyrmak» mowzugy boýunça geçiriljek göni ýaýlymyň başlanýan wagty: sagat 17:00-da.

Goşmaça soraglary mba_turkmenistan instagram sahypasynda ýa-da göni ýaýlymda berip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň